Türkmenistanyň DIM-i Belarusyň daşary işler ministriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

  • 28.11.2022 09:18
  • 23k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Belarus döwletiniň daşary işler ministri Wladimir Makeýiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

«Wladimir Wladimirowiç Belarus döwletiniň diplomatik gullugynyň ösmegine düýpli goşant goşdy, öz ýurdunyň daşary syýasatyny yzygiderli, berk hem tutanýerli durmuşa geçirdi, halkara syýasy giňişlikde onuň garaýyşlaryny öňe sürdi» — diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen metbugat beýanynda aýdylýar.

Şeýle hem beýanda türkmen-belarus gatnaşyklaryny berkitmekde we ösdürmekde Makeýiň bitiren hyzmatlary aýratyn nygtaldy.
Makeý 26-njy noýabrda 64 ýaşynda aradan çykdy. Ol Belarus döwletiniň daşary işler ministri wezipesini 2012-nji ýylyň 22-nji awgustyndan bäri eýeläp gelýärdi.


03.12.2025 10:07
9.8k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
12k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

06.09.2025 10:07
15k+

Serdar Berdimuhamedow Lissabonda bolup geçen pajygaly waka zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza ýurduň Lissabon şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...