Tokaýew resmi taýdan Gazagystanyň prezidentiniň wezipesine girişdi

  • 26.11.2022 15:51
  • 8.4k+

Ýakynda Gazagystanyň prezidentiniň nobatdan daşary saýlawlarynda ýeňiş gazanan Kasym-Žomart Tokaýew 26-njy noýabrda, şenbe güni döwlet baştutanynyň wezipesini resmi taýdan ýerine ýetirmäge girişdi. Dabaranyň geçirilen ýeri bolan Garaşsyzlyk köşgünde çärä hökümet agzalaryndan, parlamentiň iki palatasynyň deputatlaryndan we beýleki hökümet edaralaryndan ýüzlerçe myhman, şeýle-de, respublikanyň birinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdylar.

Tokaýew öz çykyşynyň başynda 2022-nji ýylyň Gazagystanyň halky üçin aýratyn möhüm bolandygyny, respublikanyň özüniň bolsa ösüşiň täze eýýamyna aýak basýandygyny belledi. Döwlet baştutany hökümet tarapyndan badalga berlen giň göwrümli özgertmeleriň düýpli özgerişlikleriň başyny başlandygyny aýan etdi. Aýratynam, konstitusion özgertmeler amala aşyryldy, döwlet durmuşynyň ähli ugurlary hemmetaraplaýyn täzelendi.


23.04.2026 10:49
4.2k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......