DÇ — 2022: Eýran 90+9 minutda gol salyp, Uelsden üstün çykdy

  • 25.11.2022 17:22
  • 14204
DÇ — 2022: Eýran 90+9 minutda gol salyp, Uelsden üstün çykdy

Katarda dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň Uels bilen Eýranyň arasynda duşuşygy tamamlandy. Er-Raýanda «Ahmed bin Ali» stadionynda geçirilen dartgynly duşuşykda Eýran 2:0 hasap bilen ýeňdi.

Duşuşygyň barşynda eýranlylaryň 2 urgusy derwezäniň sütünine degdi: ilki Serdar Azmun, soňra bolsa Golizade.
86-njy minutda duşuşygyň emini Uelsiň derwezebanyna gyzyl duýduryş berdi. Onuň ornuna derwezä Denni Uord geçdi.

Eýran ilkinji goluny 90+9-njy minutda geçirdi, ony Rouzbeş Çeşmi geçirdi. Iki minut soňra bolsa, goragçy Ramin Rezaýan gutarnykly hasaby goýdy.
Birinji duşuşygynda Uels ABŞ bilen deňme-deň oýnady (1:1), Eýran 2:6 hasap bilen Angliýadan utuldy. Şu gün şeýle hem Angliýa — ABŞ duşuşygy geçiriler. Duşuşyk aşgabat wagty bilen 00:00-da başlanar.


düýn 18:44
6608

Luis de la Fuenta Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy

Luis de la Fuenta Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi boldy. Bu barada penşenbe güni Patyşalyk ispan futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. De la Fuenta bu wezipede Luis...

düýn 15:39
6359

Eden Azar Belgiýanyň ýygyndysynda karýerasyny tamamlady

Madridiň «Realynyň» ýarym goragçysy Eden Azar Belgiýanyň futbol boýunça ýygyndysynda öz karýerasyny tamamlamagy karar etdi. Bu barada futbolçy çarşenbe güni Instagram sahypasynda habar berdi. «Men halkara karýeramy...

düýn 12:04
16105

Ronaldu “Al-Nasra” geçýändigi baradaky gürrüňleri ret etdi

Portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» kluby bilen şertnama ylalaşylandygy baradaky maglumatlaryň hakykata laýyk gelmeýändigini aýtdy. “Ýok, bu dogry däl” – diýip, Portugaliýanyň...

07.12.2022 15:38
30969

Dünýä çempionaty arakesmä gidýär. Çärýek finalçylaryň ählisi belli boldy

Katarda geçýän 2022-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyry Portugaliýa — Şweýsariýa (6:1) oýny bilen tamamlandy. Netijede çärýek finalda oýnajak jübütler düzüldi, olaryň rejesi aşakdaky...