Marca: Ronaldu karýerasyny iňlis ýa-da saud klublarynda dowam edip biler

  • 23.11.2022 23:40
  • 12k+

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu “Mançester Ýuneýtedden” giden soňra, işini dowam etdirmek üçin iki sany topary göz öňünde tutýar. “Marca” neşiri ýyldyz oýunçynyň Angliýanyň “Nýukasl” ýa-da Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nasr” toparlaryna geçmegi göz öňünde tutýandygyny ýazýar. Bu maglumaty gazeta.ru paýlaşýar.

Ýeri gelende, agzalan klublaryň ikisiniň hem Saud Arabystanyň Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy Muhammed bin Salmana degişlidigini aýtmak gerek.
22-nji noýabrda “Mançester Ýunaýted” Ronaldu bilen baglaşylan ylalaşygy möhletinden öň ýatyrýandygyny mälim etdi. Klubuň beýanatynda bu çözgüdiň iki tarapyň hem ylalaşygy esasynda kabul edilendigi bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, 37 ýaşly Ronaldu golaýda žurnalist Pirs Morgana beren interwýusynda “Mançester Ýunaýtediň” tälimçiler ştabyny, ýolbaşçylygyny hem-de alyp barýan syýasatyny köpçüligiň öňünde tankyt etdi. Şonda soňra klub futbolçy bilen baglaşan ylalaşygyny möhletinden öň bes etmek hakynda çözgüdi kabul etdi. Geçirilen gepleşiklerden soňra, taraplar mundan soňra aýry ýoldan gitmek hakynda özara netijä geldiler.
Habar beriş serişdeleri “Mançester Ýunaýtediň” ylalaşyk ýatyrylandan soňra, hüjümçä öwez tölegini tölemejekdigini ýazýarlar.


şu gün 09:54
735

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
13k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
6.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......