Stiwen Spilberg Berlin kinofestiwalynyň abraýly «Altyn aýy» baýragyny alar

  • 23.11.2022 12:12
  • 4.2k+

Amerikan režissýory, ssenariýaçysy we prodýuseri Stiwen Spilberg 73-nji Halkara Berlin kinofestiwalynyň abraýly "Altyn aýy" baýragynyň eýesi bolar diýip, guramaçylar habar berdiler. 

"73-nji Halkara Berlin kinofestiwaly amerikan režissýory, ssenariýaçysy we prodýuseri Stiwen Spilbergi dirikä gazanan üstünlikleri  üçin abraýly "Altyn aýy" baýragy bilen sylaglar" - diýip, kino görkeziliş saýtyndaky habarda aýdylýar.

Sylaglaýyş dabarasynyň çäklerinde režissýoryň täze işi bolan "Fabelmanlar" filmi görkeziler.
Berlinaleniň şärikli ýolbaşçylary Mariett Rissenbek bilen Karlo Şatrianyň belleýşi ýaly, "Spilberg kärinde ussatlygy bilen diňe bir tomaşaçylaryň dünýä boýunça nesillerini ýesir etmek bilen çäklenmän, eýsem, kino arzuw-hyýallaryň fabrigi hökmünde täze mana eýe etdi".
Berlin kinofestiwaly, Kann we Wenesiýa bilen deň hatarda, has abraýly dünýä kino görkezilişleriniň biri hasaplanyp, 1951-nji ýyldan bäri geçirilýär. Kinofestiwalyň baş baýragy — "Altyn aýy". Hasap boýunça 73-nji görkeziliş 16-26-njy fewral aralygynda geçer.

05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....