Indoneziýada bolup geçen ýer titremäniň pidalarynyň sany 268-e ýetdi

  • 22.11.2022 16:39
  • 21k+

21-nji noýabrda Indoneziýada bolup geçen 5,1 magnitudaly ýer titremäniň pidalarynyň sany 268-e ýetdi. Bu barada Indoneziýanyň tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça milli agentligi habar berýär.

Maglumatlara görä, 151 adam dereksiz ýiten hasaplanylýar. Şeýle hem habar berlişi ýaly, 7 müňden gowrak adam tebigy betbagtçylygyň zyýany zerarly öýüne dolanyp bilmeýär.
Häzirki wagtda Günbatar Ýawa welaýatynda Çiandžur okrugynda 700-den gowrak binanyň, şol sanda ýaşaýyş jaýynyň, mekdepleriň we hassahanalaryň ýumrulandygy mälim.
Ýer titremäniň epi merkezi paýtagt Jakartadan 74 km günorta-gündogarda ýerleşdi.


02.06.2026 20:28
7.7k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.3k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

29.05.2026 23:56
6.5k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......