Kanýe Uest ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär bolmak niýetini mälim etdi

  • 22.11.2022 16:17
  • 17k+

Meşhur amerikan repçisi Kanýe Uest 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidentligine ýene-de dalaş etmäge hyýallanýar. Bu barada ol X17 Online wideoportalynyň ýaýlymynda mälim etdi.

Sazanda: «Maýlo Ýannopulos bilen tanyş boluň, ol meniň prezidentlik kampaniýamyň üstünde işleýär» diýdi. Şondan soň oňa operatoryň takyklaýjy sowaly berildi, ýagny ol Uestiň ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boljagyny-bolmajagyny sorady. Rep-ýerine ýetiriji: «Hawa, şeýle» — diýip sada jogap berdi.
New York Post gazetiniň berýän maglumatyna görä, Ýannopulos ozal ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller Palatasynyň agzasy Teýlor Griniň (Jorjiýa ştatyndan respublikaçy zenan) toparynda işläpdir. Şeýle-de, ol sagçy Breitbart portalynyň redaksiýalarynyň birine hem ýolbaşçylyk edipdir we 2017-nji ýylda «öjükdiriji arzalardan» soň ol ýerden işden çykmaga mejbur bolupdyr.
Uest 2020-nji ýylda hem ABŞ-nyň prezidentligine dalaş edipdi. Saýlawlarda ol «Doglan gün partiýasy» Birthday Party-ä («doglan günüň şanyna bellenýän agşam» diýip hem terjime edip bolar) wekilçilik etdi. Repçi saýlaw kampaniýasyna öz serişdesinden 12 million dollardan gowrak pul sarp etdi. Onuň köp bölegi — 7,5 milliony — sazandanyň adyny dürli ştatlarda saýlaw býulletenlerine girizmek üçin zerur töleglere gitdi. Netijede Uest 60 müňden gowrak adamyň goldawyny aldy. Iň gowy netijäni ol Tennessi ştatynda gazandy — sazanda üçin saýlawçylaryň 10 müňden gowragy ses berdi, ýagny sesleriň umumy sanynyň 0,3% -ni aldy.


düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

03.05.2026 23:48
6.3k+

Awtoulag öndürijiler ABŞ-dan milliardlarça dollar kompensasiýa talap edýärler

Iri awtoulag öndürijileri ABŞ-da öň tölenen gümrük salgytlary üçin takmynan 2,3 milliard dollar möçberinde kompensasiýa garaşýarlar....