Kriştianu Ronaldunyň Binance bilen hyzmatdaşlykda ilkinji NFT-kolleksiýasy çykarylýar

  • 18.11.2022 15:40
  • 16k+

Kriptowalýuta infrastrukturasynyň dünýä boýunça üpjün edijisi Binance meşhur futbolçy Kriştianu Ronaldu bilen eksklýuziw köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň bardygyny mälim etdi. Binance Ronaldunyň muşdaklaryny «NTF-nyň üsti bilen kriptowalýuta dünýäsine golaýladyp, Web3-iň meşhurlygyny gazanmak üçin» olary muňa çekmegiň ählumumy kompaniýasyny goýberýär.

Kriştianu Ronaldu bilen NFT-nyň arasyndaky ylalaşyk hereket edýärkä NFT-nyň kolleksiýalarynyň seriýasyny dörederler we olary diňe Binance NFT platformasynda satuwa hödürlärler.
Şu ýylyň aýagynda goýbermekçi bolunýan birinji kolleksiýada Ronaldo bilen bilelikde işlenen däp bolan dizaýnly NFT-ler hödürlener.
Bäş gezek ýeňiji bolan Ballon D or Binance NFT platformasynda «dünýäniň ähli futbol muşdaklaryna taýsyz tejribäni hödürlemek we birnäçe ekskýuziw NFT-kolleksiýalaryny goýbermek üçin» Binance-yň hyzmatdaşy boldy.
Kolleksiýada jemi 6 045 NFT hödürlener, üstesine olaryň iň seýrek 45-si (5 SSR we 40 SR) auksiona çykarylar, söwdalaşyklar SSR üçin 10 000 BUSD-dan we SR üçin 1 700 BUSD-dan başlanar. Galan NFT-leriň satyn alnyş bahasy 77 BUSD-dan hödürlener.


19.05.2026 21:42
4.7k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

25.03.2026 15:47
10k+

Bitkoini ýok etmek üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň azyndan 72%-ni üzüp çykmaly bolar

Kembrijden alymlar bitkoin kriptowalýutasynyň dürli ulgamlaýyn infrastruktura näsazlyklaryna bolan durnuklylygyny öwrendiler. Olar bitkoin torunyň işiniň düýpli bozulmagy üçin dünýädäki suwasty internet kabelleriniň 72%-den 92%-ne çenlisiniň bir wagtda zeperlenmelidigi baradaky netijä geldiler...

08.02.2026 05:00
5.1k+

Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi

Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi...