S7 Airlines dekabrda Türkmenistana uçuşlarynyň sanyny artdyrar

  • 18.11.2022 08:26
  • 26k+

S7 Airlines rus awiakompanýasy 2022-nji ýylyň dekabr aýyndan başlap, Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlarynyň sanyny artdyrar. Täze ýola goýuljak gatnaw penşenbe güni amala aşyrylar — diýlip, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Telegram kanalynda ýerleşdirilen bildirişde aýdylýar.

Ýatlatsak, Russiýanyň S7 awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeldipdi. Uçuş her hepdäniň duşenbe günleri ýerine ýetirilýärdi.
Indi S7 Airlines Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça hepdede iki gezek — duşenbe we penşenbe günleri şu tertipde gatnawlary ýerine ýetirer:

S7-3237 gatnawy Moskwa – uçuş wagty 03:30
Türkmenbaşy – gonuş 09:08

S7-3238 gatnawy Türkmenbaşy – uçuş 10:05
Moskwa – gonuş 11:35

Uçuş-gonuş wagty iki şäher üçin hem ýerli wagtda görkezilen. Uçuş dowamlylygy 3,5 sagat töweregi.


18.06.2026 18:15
2.7k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.4k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......