1,35 milliard ýaş adam nauşnikde gaty sesli aýdym sebäpli eşidiş ukybyny ýitirip biler

  • 17.11.2022 20:31
  • 18k+

Nauşnikde aýdymy gaty sesli diňlemek ýa-da konsertlere ýygy-ýygydan barmak eşidiş ukybynyň ýitmegine sebäp bolup biler. Muny ABŞ-dan, Şwesiýadan we Şweýsariýadan halkara alymlar topary anyklady. Gözleg BMJ Global Health ylmy žurnalynda çap edildi diýip, incrussia.ru belleýär.

Alymlar nauşnikde ýa-da konsertlerde gaty sesli aýdymy diňlemek bilen baglanyşykly soňky 20 ýylda geçirilen 30-dan gowrak gözlegi seljerdiler. Onuň netijesine görä, aýdymy howpsuz däl görnüşde diňlemek (sesiň güýçlüligi gurluşdaky iň ýokary derejeden 60% ýokary we konsertlere galmagaldan goraýjy gurluşlary dakmazdan gatnaşmak) nauşnikli ýagdaýlaryň 24%-ini, konsertli ýagdaýlaryň tas 50%-ini emele getirýär. Umuman alanyňda, saýlanan synaglara 20 müňe golaý adam gatnaşdy.
Seljerme 670 milliondan 1,35 milliarda çenli ýaş adamlaryň aýdymy gaty sesli diňlemek bilen eşidiş ukybyny ýitirmek howpuna sezewar bolýandygyny görkezdi. Gözlegi geçirijiler fon galmagaly bilen eşidiş ukybynyň hemişelik ýitmeginiň arasyndaky sebäp-netije baglanyşygyny görkezmediler, ýöne olar aýdymy gaty sesli diňlemegiň “eşidiş çäkleriniň üýtgemegi” bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. Bu dikelmegi üçin ençeme ýyl gerek bolup biljek duýgur öýjüklere zeper ýetmegiň netijesinde bolýar.

“Bu kem-kemden bolýan hadysa, şonuň üçin meseläni birbada anyklamak aňsat däl. Siz wagtyň geçmegi bilen eşidiş ukybynyň hemişelik ýitmek howpuna sezewar bolup bilersiňiz” – diýip, awtoryň gözlegi we Günorta Karolinanyň lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işgäri, lukman Loren Dillard belledi.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......