Tuwalu döwleti özüniň sanly görnüşini döretmegi meýilleşdirýär

  • 17.11.2022 16:35
  • 10k+

Tuwalu döwleti global ýylamanyň we deňiz derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde doly suw astynda galmak howpy sebäpli özüniň sanly görnüşini döretmegi meýilleşdirýär. Täze giňişlige girmek üçin üsti ýetirilen (AR) we wirtual hakykat (VR) tehnologiýalary gerek bolar diýip, ýurduň Daşary işler ministri Saýmon Kofe Şarm-eş-Şeýhde geçirilýän BMG-niň Howa baradaky konferensiýasynda onlaýn görnüşde eden çykyşynda aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Biziň ýerimiziň ýitýändigi sebäpli, ilkinji sanly ýurt bolmakdan başga çykalgamyz ýok. Biziň ýerimiz, ummanymyz, medeniýetimiz – halkymyzyň iň gymmatly baýlygy. Şonuň üçin olary fiziki dünýäde bolup geçýän zatlara garamazdan zyýan ýetmekden goramak üçin, biz olary “buluda” göçüreris” – diýip, Kofe belledi.

Bu ädim döwletiň sanly nusgasyny özara gatnaşyk üçin ulanyjylardan üsti ýetirilen we wirtual hakykat tehnologiýalaryny ulanmagy talap edýän metaäleme – onlaýn giňişlige ýüklemegi göz öňünde tutýar.
2021-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 12-nji noýabry aralygynda Glazgoda geçirilen geçenki BMG-niň Howa baradaky konferensiýasy (COP-26) üçin Kofe howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetini nygtamak üçin suwda dyzynda durup, wideo ýüzlenmesini ýazdy.
Tuwalu Ýuwaş ummanyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, 30 inedördül kilometr meýdany eýeleýän ada döwletidir. 2021-nji ýylyň ilat ýazuwynyň jemi boýunça onuň ilat sany bary-ýogy 11,9 müň adama barabar.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......