Portugaliýa bug gazlarynyň bitarap derejesine meýilleşdirilenden 5 ýyl öň ýetmek isleýär

  • 16.11.2022 22:57
  • 5.7k+

Portugaliýa bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesine 2045-nji ýyla çenli, ýagny meýilleşdirilenden bäş ýyl çalt ýetmek kararyna geldi. Bu ýurtdaky bug gazlarynyň umumy göwrüminiň tebigy ýagdaýda, mysal üçin, agaçlar tarapyndan doly siňdirilip bilinjek möçberden köp bolmazlygyny aňladýar. Munuň üçin Portugaliýada netijede ýurduň zerurlyklarynyň 80%-ini üpjün etjek Gün, ýel we wodorod elektrik energiýasy ösdüriler. Bu barada euro-pulse.ru habar berýär.

Ýurtda eýýäm kömür bilen işleýän iň soňky elektrik stansiýasy hem ýapyldy.
Mundan başga-da, 2032-nji ýyla çenli Portugaliýanyň ähli howa menzilleri bug gazlarynyň biri bolan kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň bitarap derejesini gazanmaga çalyşýarlar. Şeýlelik bilen, Portugaliýa klimatik taýdan bitarap howa menzilleri bolan dünýäde ilkinji ýurt bolar.
Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylaryny nol derejä çykarmagy meýilleşdirýär. Käbir ýurtlar bolsa has uly maksatlary goýýar, mysal üçin, Finlýandiýa 2035-nji ýyla çenli, Awstriýa bolsa 2040-njy ýyla çenli zyňyndylaryň derejesini nola getirmekçi bolýar.


06.05.2026 23:04
4k+

Portugaliýa düzgünleri üýtgetdi: indi raýatlygy almak üçin ýurtda 10 ýyl ýaşamaly

Portugaliýanyň Prezidenti Antoniu Žoze Seguro raýatlyk baradaky kanuna üýtgeşmeleri girizýän düzedişlere gol çekdi....

30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......