FAO: balygyň bikanun tutulmagyna garşy göreşmek baradaky şertnama 100-den gowrak döwlet gol çekdi

  • 11.11.2022 14:15
  • 23k+

Dünýäde balygyň bikanun tutulmagyna garşy göreş boýunça global hereketler täze sepgitlere ýetdi – eýýäm 100-den gowrak döwlet bu ýaramaz hereket bilen göreşmek baradaky halkara şertnama gol çekdi. Bu barada BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasy (FAO) habar berdi.

Port döwletleriniň çäreleri baradaky şertnama balygyň bikanun tutulmagynyň şeýle işler bilen meşgullanýan ýa-da ony goldaýan daşary ýurt gämileriniň porta girmeginden ýüz öwürmek ýoly bilen öňüni almak, saklamak we ýok etmek üçin ýörite işlenip düzülen ilkinji ýuridik taýdan hökmany halkara resminamadyr.

“Balyga sarp ediji isleginiň ýokarlanmagy we balykçylyk hem akwakultura gurşawynyň netijeli üýtgemegi balygyň global önümçiliginiň iň ýokary derejä ýetmegine getirdi. Şunuň bilen birlikde, bikanun balykçylyga garşy göreşi güýçlendirmegiň zerurlygy barha artýar” – diýip, BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň baş direktory Sýuý Dunýuý belledi.

FAO-nyň hasabyna görä, häzirki wagtda dünýäde balyk tutmak işiniň, takmynan, bäşden bir bölegi bikanun ýol bilen alnyp barylýar. Şeýle ýagdaý diňe bir kanuny balykçylyk pudagyna zyýanly täsir etmek we pudagyň işgärlerini eklençden mahrum etmek bilen çäklenmän, eýsem deňiz ekoulgamyna hem zyýanly täsir edýär. Mundan başga-da, FAO balygyň bikanun tutulmagyny ýok etmegiň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde üstünligiň açarydygyny belleýär.


05.02.2026 23:01
1.9k+

Türkmenistanyň DIM-inde FAO bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we meýilnamalary maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurduň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy...

23.01.2026 11:22
844

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

23.01.2026 11:04
1k+

Aşgabatda geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen FAO-nyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi

22-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahatyň netijeleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi...

23.01.2026 10:56
1.2k+

Aşgabatdaky forumda howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş meseleleri maslahatlaşyldy

22-nji ýanwarda Aşgabatda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir...