Hurma haýsy keseller üçin peýdaly?

  • 06.11.2022 23:38
  • 48k+

Häzirki günlerde bazarlarda giňden ýaýran miweleriň biri-de hurmadyr. Onuň peýdasy barada russiýaly dietolog lukman, gastroenterologyň berýän maslahatlaryny ferra.ru paýlaşýar.

Lukmanyň nygtaýşy ýaly, hurma öz düzüminde kaliý duzuny saklaýandygy bilen ýürek-damar kesellerinden goraýar. Şeýle-de hurmada köp kletçatka, C witamini, mikroelementler we karotin bar. Şoňa görä-de, hurma gözüň görejine, immunitete oňyn täsirini ýetirýär.
Hurma böwrek kesellerinde, bedende suwuklyk saklananda gowy kömek edýär. Lukman onuň diuretik häsiýetiniň hem bardygyny aýdýar.
Ýeri gelende bellesek, Hurma Gündogar Aziýada – Hytaýda we Ýaponiýada döräpdir. Bu önüm Ýewropa  XIX asyrda aralaşýar. Häzirki wagtda dünýäde bäş ýüz töweregi hurma görnüşi bar. Bu miwäniň  iň köp ýaýran görnüşi bolsa «Gündogar hurmasy» diýlip atlandyrylýan görnüşidir. Hurmanyň bu görnüşi örän süýji-de däl, gaty-da. Gündogar hurmasyny sowadyjyda doňdurylanyndan soň ýa-da birnäçe gün alma bilen bir haltada saklananyndan soň iýip bolýar.
Hurma çalt horlanmak üçin mono-dietanyň düzüm bölegi hökmünde ulanylýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, düzüminde şekeriň we kaloriýanyň örän känligi sebäpli, köplenç, köp mukdarda hurma iýilýär. Ýöne, diýetologiýa hünärmenleri beýle berhiz bilen meşgullanmagy maslahat bermeýärler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......