Ýer ýüzüniň ilatynyň dörtden bir böleginiň arassa agyz suwuna elýeterliligi ýok

  • 27.10.2022 17:46
  • 22k+

Häzirki wagtda Ýer ýüzüniň ilatynyň dörtden bir bölegi – 26% – howpsuz agyz suwundan peýdalanyp bilmeýär. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikdäki hasabatynda habar berilýär diýip, forbes.kz belleýär.

Maglumatlara görä, 2020-nji ýylda dünýä ilatynyň 74%-i arassa agyz suwuna elýeterlidi. Deňeşdirmek üçin: 2000-nji ýylda howpsuz agyz suwuny adamlaryň 62%-i ulandy we sarp etdi. Şeýlelik bilen, analitikleriň belleýşi ýaly, asyryň başyndan bäri goşmaça 2 milliarddan gowrak adam arassa agyz suwuna elýeterli boldy.
Hapalanan agyz suwy 2019-njy ýylda diareýanyň dürli görnüşlerinden tutuş dünýä boýunça 1,5 milliondan gowrak adamyň aradan çykmagyna sebäp boldy. Şol ýyl arassa suwa mümkinçiligiň bolmazlygy 69 ýurtda mergi keseliniň ýaýramagyna sebäp boldy.
Hasabata görä, howanyň üýtgemegi arassa suwuň ýetmezçiligini güýçlendirýär – ekologiýa çökgünligi ýygy-ýygydan we güýçli gurakçylyga hem-de suw joşmalaryna getirýär.
Guramanyň hünärmenleri meseläni çözmek üçin dürli ýurtlaryň ýolbaşçylaryny suw üpjünçiligi ulgamyna maýa goýmaga we bu mesele boýunça döwletara koordinasiýany giňeltmäge çagyrýarlar.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......