Ronaldo karýerasyndaky iň gowy futbolçynyň adyny aýtdy

  • 17.10.2022 15:36
  • 34k+

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň meşhur futbolçysy Ronaldo bile oýnan iň gowy oýunçysynyň adyny aýtdy. Onuň sözlerini DAZN getirýär diýip, gazeta.ru belleýär.

“Zinedin Zidan – iň gowy dost, ýöne şeýle-de ol karýeramda bile oýnan iň gowy futbolçy” – diýip, Ronaldo belledi.

Ronaldo 1994-nji we 2002-nji ýyllarda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempionydyr. Şeýle-de, ol Amerikanyň kubogynyň iki gezek eýesi, Olimpiýa oýunlarynyň kümüş we bürünç baýrakçysy. Ol karýerasynyň dowamynda Madridiň “Realynda”, “Barselonada”, “Milanda” we “Interde”, şeýle-de Gollandiýanyň “PSW” toparynda we “Korintiansda” çykyş etdi. Häzirki wagtda ol “Real Walýadolidiň” prezident wezipesini eýeleýär. Ol klub derejesinde UEFA-nyň Kubogynyň eýesi boldy we UEFA kuboklarynyň eýeleriniň kubogyny aldy.


düýn 23:07
4.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.9k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....