Dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylarynyň reýtinginde lider üýtgedi

  • 11.10.2022 15:19
  • 25k+

“Forbes” neşiri dünýäniň iň köp girdeji gazanýan futbolçylarynyň reýtingini düzdi. Sanawyň täze lideri “Pari Sen-Žermeniň” hüjümçisi Kilian Mbappe boldy diýip, novosti.kg belleýär. Ol birinji orundan 2014-nji ýyldan bäri birinji orunda biri-birini çalşyrýan Kriştianu Ronaldu bilen Messini gysyp çykardy. “Forbesiň” hasabyna görä, Mbappe 2022/2023-möwsüminde 128 mln dollar gazanýar we bu reýting üçin rekord mukdardyr. Ol zähmet haky görnüşinde 110 mln dollar alar, ýene 18 mln dollary bolsa hemaýatkärlik şertnamalaryndan gazanar.

Ikinji orunda “PSŽ-niň” argentinaly oýunçysy Lionel Messi ýerleşdi. Häzirki möwsümde ol 120 mln dollar gazanýar, şolardan 65 mln dollar – oýundan daşary.
Üçünji orna “Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu düşdi. Onuň girdejisi 100 mln dollar bolup, olardan 40 mln dollar zähmet haky we 60 mln dollar hemaýatkärlik şertnamalaryndan gelýän girdejidir.
Neşir Messiniň hem, Ronaldunyň hem kriptowalýuta kompaniýalary bilen girdejili şertnama baglaşandygyny belleýär: argentinaly Socios.com-dan ýylda $20 mln gazanýar, Ronaldu bolsa Binance bilen hyzmatdaşlyk edýär (şertnamanyň bahasy belli däl).
“Forbes” Ronaldunyň we Messiniň girdejileriniň 2018-nji ýylda, 30 ýaşlarynda wagty ilkinji gezek 100 mln dollardan geçendigini, Mbappeniň bu görkezijä 23 ýaşda ýetendigini belleýär.
Bäşlige “Pari Sen-Žermenden” braziliýaly Neýmar (girdejisi $87 mln) we “Liwerpuldan” müsürli Mohammed Salah hem ($53 mln) girdi.
Altynjy orunda 22 ýaşly norwegiýaly Erling Holand ýerleşdi – onuň girdejisi $39 mln. Ýedinji orny $35 mln girdeji bilen polşaly Robert Lewandowskiý (“Barselona”) eýeledi. Olaryň yzyndan “Realdan” belgiýaly Eden Azar ($31 mln), ýapon kluby “Wissel Kobeden” ispaniýaly Andres Inýesta ($30 mln) we “Mançester Sitiden” belgiýaly Kewin de Brýoýne ($29 mln) gelýär.
Umuman, iň ýokary girdeji alýan futbolçylaryň şu möwsüm rekord $652 mln (salgytlardan öň) gazanmagyna garaşylýar, bu bolsa geçen ýyldakydan 11% köpdür. Deloitte-niň maglumatlaryna görä, şu tomus Angliýanyň premýer-ligasynyň klublary transferler üçin rekord derejeli $2,2 mlrd sarp etdiler (geçen ýylky görkezijiden 67% köp).


düýn 23:07
4.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
3.5k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.9k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.8k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....