Geçen 9 aýda Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri nähili?

  • 11.10.2022 13:06
  • 4.4k+

10-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz aýynda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň durnukly ösüşini tassyklaýan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan bäri ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler amala aşyryldy. Jemi içerki önümiň depginli ösüşi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 10,9 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40,7 göterim köpeldi. Şeýle-de Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Býujetiň 80,3 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artdy. Şeýle-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi. Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan 370 desganyň 89-synda gurluşyk-gurnama işleri alnyp baryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maliýe ulgamyny döwrebap ýagdaýa getirmek we Konstitusiýamyza laýyklykda bazar ykdysadyýetini emele getirmegi çaltlandyrmak üçin göz öňünde tutulan giň gerimli özgertmeleriň dowam etdirilmelidigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şeýle-de hormatly Prezident her bir ministrligiň we pudak edarasynyň ýolbaşçylarynyň geljek ýyl üçin öz iş meýilnamasyny Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde doly esaslandyrmalydygyny tabşyrdy. Wise-premýere salgytlaryň, şol sanda ýerli salgytlaryň doly möçberde ýygnalmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.


düýn 14:43
7k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......