Gyşky Aziýa oýunlary heniz gurulmadyk şäherde geçiriler

  • 09.10.2022 07:33
  • 33k+

Saud Arabystany 2029-njy ýylda Neom megaşäherinde gyşky Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin tender gazandy. Häzirki wagtda şäher ýok – onuň gurluşygy 2026-njy ýylda tamamlanar diýip, Reuters agentligine salgylanyp, novosti.kg habar berýär.

Neom – Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman Al Saudyň 500 mlrd dollarlyk taslamasy. Oýunlar megaşäheriň bir bölegine öwrüljek Troženiň dag syýahatçylygy üçin futuristik şypahanasynda geçiriler. Saud Arabystanynyň häkimiýetleri munuň bütin ýylyň dowamynda işleýän Pars aýlagynyň ilkinji lyža obasy boljakdygyny aýdýarlar.

Trožena Sarawat daglarynda, Gyzyl deňziň kenaryndan 50 km gündogarda ýerleşer. Ol ýerde ortaça temperatura beýleki sebitlere garanyňda Selsiý boýunça on gradus pes.


04.04.2026 15:00
9.8k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

16.03.2026 16:43
3.6k+

“Formula 1” aprel aýynda Bahreýnde we Saud Arabystanynda geçirilmegi meýilleşdirilen Grand Prix ýaryşlaryny ýatyrdy

Halkara awtoulag federasiýasy (FIA) we Formula-1-iň ýolbaşçylygy Bahreýnde we Saud Arabystanynda Gran-priniň ýaryşlaryny ýatyrdy. Bu barada FIA-nyň resmi web sahypasynda yglan edildi. Aprel aýynda geçiriljek ýaryşlar Ýakyn Gündogardaky häzirki geosyýasy ýagdaý sebäpli geçirilmez...

22.02.2026 22:43
22k+

«Men Saud Arabystanyna degişli. Bu ýerde men bagtly» Ronaldu geljegi barada pikirlerini paýlaşdy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu özüniň geljekki meýilnamalary barada durup geçdi we karýerasyny bu ýurtda dowam etdirmek isleýändigini tassyklady. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär...

11.02.2026 11:54
26k+

«Al-Nasr» Aşgabada geldi: Ronaldu we beýleki ýyldyzlar düzümde ýok

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby sişenbe güni agşam Aşgabada geldi we dabaraly garşy alyndy. Çarşenbe güni saud kluby AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşygynda «Arkadag» toparyna garşy meýdança çykar...