Serdar etrabyndaky Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy bilen bagly maslahatçy kompaniýa seçilip alyndy

  • 01.10.2022 18:15
  • 13k+

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak maksady bilen, Energetika ministrligi tarapyndan bu maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak boýunça halkara bäsleşik geçirilip, onuň ýeňijisi yglan edildi. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow döwlet Baştutanynyň garamagyna bäsleşikde ýeňiji bolan kompaniýa bilen maslahat bermek hyzmatlaryny amala aşyrmak barada degişli şertnamany baglaşmak hakyndaky teklibi hödürledi.

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini işjeň peýdalanmagyň, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň alysda ýerleşen ilatly ýerlerini, barmasy kyn bolan ýerleri elektrik energiýa bilen üpjün etmek üçin ulanmagyň giň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, “ýaşyl” energiýany ulanmak boýunça täze taslamalaryň örän zerurdygyny belledi.


düýn 15:42
830

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......

düýn 15:09
874

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

düýn 08:12
1.7k+

Türkmenistanyň Ilçisi Moldowa Respublikasynyň DIM-iniň Döwlet sekretary bilen duşuşdy

28-nji aprelde Kişinýewde iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Ilçisi T.Ataýew (oturýan ýeri Kiýew şäheri) Moldowanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary S.Mihow we......

düýn 07:36
872

Müsür Arap Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Hamdy Şaaban Abdelhalim......