«Syýasat we jemgyýet» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 01.10.2022 18:10
  • 3.4k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda ýerleşdirilen habarlar, maglumat beriş, seljerme we statistiki häsiýetli makalalar köptaraplaýyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryny beýan edýär.

Žurnal Garaşsyzlygyň 30 ýylynda dürli pudaklarda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan makala bilen açylýar. Onda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň ýurdumyzyň senenamasyna möhüm wakalary ýazandygy nygtalýar. Žurnalyň esasy mowzuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy hem-de onuň durnukly ösüşiniň möhüm ýagdaýlary baradaky meselelerden ybarat boldy.
“Halkara gatnaşyklar” bölüminde ýerleşdirilen makalalarda Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasynyň ynsanperwer ugurlary açylyp görkezilýär. Şeýle-de onda ýurdumyzyň toplan tejribesi hem-de häzirki zaman daşary syýasat strategiýasy beýan edilýär. Bu bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda bitaraplyk institutynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna we möhümdigine şaýatlyk edýär. Neşiriň makalalarynyň biri hemişelik, oňyn Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň özboluşlylygynyň öwrenilişine bagyşlanypdyr. Okyjylar taryha gysgaça syýahat edip, Seljuklar döwletinde diplomatiýanyň eýeleýän orny baradaky arhiw maglumatlary bilen tanşyp bilerler.
Arheologiýa ylmynyň döreýşine we gazananlaryna bagyşlanan makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder. Žurnalyň sahypalarynda gozgalýan beýleki möhüm meseleleriň hatarynda milli ykdysady nusga, Durnukly ösüş maksatlary, ýurduň nebitgaz pudagynyň ösüşi baradaky meseleler bar. Žurnalyň şu sany türkmen halkynyň baý aýdym-saz sungatyna, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekde milli medeniýetiň eýeleýän ornuna degişli makalalar bilen tamamlanýar.

düýn 14:43
7k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......