«PSŽ» Messi we Ramos bilen şertnamasyny uzaltmaga taýýar

  • 19.09.2022 12:38
  • 11k+

«PSŽ-nyň» sport direktory Luiş Kampuş klubuň Messi we Ramos bilen şertnamasyny uzaltmaga taýýardygyny mälim etdi.

"Men Messi üçin begenýärin, geçen möwsümde oňa kyn boldy. Ol ýigrimi ýyllap diýen ýaly "Barselonanyň" nyşany boldy. Ol durmuşyny düýpli üýtgetdi, täze ýere, täze liga geçdi. Indi biz öňki öwrenişen derejämizde oýnaýan Messini görýäris. Onuň "PSŽ-da" galmagyna umyt baglaýaryn.
Ramos geçen möwsümden nägile. Men oňa gowy düşünýän, oňa gaty üýtgeşik möwsüm garaşýar. Ol öňe gidýär. Şertnamany uzaltmalymy? Dagy näme" - diýip, RMC Sport Kampuşyň sözlerini getirýär.  

Messi "PSŽ" 2021-nji ýylyň tomsunda geçdi. Fransiýanyň çempionatynyň şu möwsüminde ol ýedi oýunda oýnap, üç gol geçirdi we ýedi gezek netijeli pas berdi. 2021-nji ýylda pariž klubunyň oýunçysy bolan Ramosyň hem hasabynda Liga 1-iň şu möwsüminde ýedi oýun bolanam bolsa, netijeli hereketleri bilen göze ilip bilmedi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......