Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmenistanda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan 12 sany elektrik stansiýasy bar”

  • 06.09.2022 00:28
  • 40k+

«Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gysga döwrüň içinde dürli kuwwatlykly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň 6-sy gurlup ulanmaga berildi. Bu barada 3-nji sentýabrda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň öňünde eden çykyşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Has takygy, häzirki wagtda ýurdumyzda kuwwatlylygy 6943,2 megawata deň bolan jemi 12 sany elektrik stansiýasy bolup, olarda 51 sany turbina desgasy bar.  Gaz turbinalar — 39 sany, bug turbinalar — 12 sany” diýip, hormatly Arkadagymyz şol elektrik  stansiýalary barada jikme-jik gürrüň berdi.

“Durmuşda özüňizem görýänsiňiz, bu gün her hojalykda birnäçe sowadyjylar, telewizorlar, kondisionerler we beýleki enjamlar ulanylýar. Bular bolsa elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ýokarlanmagyny hem-de ygtybarlylygyny talap edýär” diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalaryň kadaly işlemegi üçin döredilýän amatlyklaryň hatarynda, ilkinji nobatda, olaryň ygtybarly we bökdençsiz elektrik üpjünçiligine köp zadyň bagly bolup durýandygyny belläp, elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artmagynyň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny talap edýändigini aýtdy.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......