Ronaldu Türkiýäniň kluby bilen şertnamany ylalaşdy

  • 02.09.2022 17:08
  • 40k+

«Mançester Ýunaýtediň» 37 ýaşly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Türkiýäniň çempionatyna barmagy mümkin. Portugaliýaly türgeniň transferi bilen «Fenerbahçe» iş alyp barýar. Bu barada Ajansspor habar berýär.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, Ronaldu eýýäm şahsy şertnamasynyň şertleri barada paýtagtyň kluby bilen ylalaşdy. Portugaliýaly türgen bilen onuň watandaşy, «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi Žorže Žezuşyň hut özi gepleşdi. Ol oýunçyny geçmäge yrdy.
Ýewropada transfer penjiresiniň 2-nji sentýabra geçilýän gije ýapylýandygyny, şol bir wagtda Türkiýede onuň 8-nji sentýabra çenli açykdygyny bellemek gerek.
Üstümizdäki möwsümde «Mançester Ýunaýted» edil «Fenerbahçe» ýaly, Ýewropa ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda oýnar.


düýn 15:42
5.7k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......