Fransiýada gazdan başga islendik gazylyp alynýan ýangyjyň mahabaty gadagan edildi

  • 23.08.2022 16:38
  • 9.8k+

Fransuz kompaniýalary 22-nji awgustdan başlap kömür we nebit ýaly gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly mahabatlary ýaýradyp bilmeýärler. Degişli çäre klimaty goramak baradaky geçen ýylky kanunyň çäginde kabul edildi diýip, TASS habar berýär.

“Gazylyp alynýan ýangyjyň marketingi ýa-da ilerlenmegi bilen bagly mahabat gadagan” – diýlip, 2021-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky kanunyň 7-nji maddasynda bellenilýär. Bu talap kanunyň tekstinde zyýanly zyňyndylarynyň derejesi ýokary bolan awtomobilleriň mahabatyny gadagan ediji bilen bile ýerleşýär.

Şeýle-de bolsa, bu kanun käbir kadadan çykmalary göz öňünde tutýar. Ýagny, gaz we ondan alynýan energiýa bilen üpjün edijileriň hyzmatlarynyň mahabatyna 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli rugsat berilýär. Bu 2022-nji ýylyň ahyryna çenli hereket edýän gaz nyrhlaryny doňdurmak baradaky buýruk bilen baglanyşykly, soň kompaniýalar öz nyrhlaryny we hyzmatlaryny sarp edijilere mahabatlandyrmak üçin ýarym ýyl wagt alarlar. Şondan soň, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we daşary mahabatlarda gazy mahabatlandyrmak hem gadagan ediler. Mundan başga-da, bu gadaganlyk ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşlerine maýa goýumlaryň mahabatlaryna degişli bolmaz.
Zyýanly zyňyndylarynyň derejesi ýokary bolan awtomobilleriň mahabaty barada aýdylanda, kanuna laýyklykda, doly gadaganlyk 2028-nji ýyldan güýje girer. Häzirlikçe bolsa öz önümini Fransiýada ilerletmek isleýän awtoöndürijilerden öz mahabat roliklerine we habarlaryna welosiped, jemgyýetçilik ulaglary ýaly hereket etmegiň alternatiw usullaryny goşmak talap edilýär.


15.11.2025 09:34
6.9k+

Türkmen geologlary seýsmiki-gözleg işleriniň netijesinde birnäçe gurluşlary ýüze çykardylar

14-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Amanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan nebiti we tebigy gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy...

08.11.2025 18:22
6.2k+

Türkmenistan Abu-Dabide ADIPEC-2025 halkara sergisinde nebitgaz mümkinçiliklerini tanyşdyrdy

3-6-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Abu Dhabi International Petroleum Exhibition and Conference» (ADIPEC-2025) halkara nebitgaz sergisi we maslahaty geçirildi. Foruma Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G...

23.10.2025 12:23
1.8k+

OGT-2025 halkara sergisiniň we maslahatynyň birinji gününiň netijeleri

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady...

22.10.2025 10:24
5.7k+

Aşgabatda 30-njy gezek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlaýar

Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara maslahaty we sergi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli foruma gatnaşyjylary Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlady. Her ýyl geçirilmegi asylly...