Dünýäde pagtanyň bahasy 30% gymmatlady

  • 23.08.2022 16:35
  • 11k+

Adatdan daşary howa şertleri pagtany iň uly eksport edijiler bolan Braziliýada we ABŞ-da pagta hasylynyň azalmagyna getirdi, onuň önümçiligi boýunça lider bolan Hindistan bolsa bu önümi import etmäge mejbur boldy. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, netijede pagtanyň bahasy 30% ýokarlandy, onuň ätiýaçlyklary bolsa azalmagyny dowam etdirýär diýip, kapital.kz belleýär.

“Wedomosti” neşiri Hindistanyň güýçli ýagyş we zyýan berijiler sebäpli pagta ätiýaçlyklaryny import etmeli bolandygyny ýazýar. Pagtanyň global eksportynyň ýarysy ABŞ-nyň we Braziliýanyň paýyna düşýär. ABŞ-da gurakçylyk sebäpli pagta önümçiligi 10 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek iň pes derejä gelip biler. Braziliýa hem hasylyň 30% azalmagyna getiren yssy howa we gurakçylyk bilen göreşýär.
Abrapa kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Braziliýada 200 000 metrik tonna töweregi ätiýaçlyk gurady, önümçilik 2,6 mln tonna ýa-da ondan hem az dereje bilen bahalandyrylýar. Bom Futuro öndürijisi hasyllylygyň geçen möwsüm bilen deňeşdirilende 27% pese gaçandygyny habar berýär.
Çaklamalara görä, geljek aýlarda hasylyň azalmagy bilen pagtanyň bahasy ýene ýokarlanar. Şu ýyl bahalaryň ýokarlanmagy eýýäm egin-eşik üpjün edijileriniň maržasyny peseltdi, bu bolsa futbolkalardan başlap, kagyzlara we gaty kagyzlara çenli harytlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler.

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......