«Real» «Aýntrahty» ýeňip, UEFA-nyň Superkubogyny gazandy

  • 11.08.2022 09:16
  • 14k+

Ispaniýanyň «Real» futbol kluby UEFA-nyň Superkubogy ugrundaky duşuşykda Germaniýanyň «Aýntrahtyny» 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk çarşenbe güni Helsinkide Olimpiýa stadionynda geçirildi.

Ýeňijileriň düzüminde gollary Dawid Alaba (37-nji minut) we Karim Benzema (65) geçirdi. Benzema üçin bu gol «Realyň» düzüminde 324-njidir. Bu görkeziji boýunça Benzema Rauldan öňe geçip, ikinji orna çykdy. Birinji orunda 450 gol bilen Kriştianu Ronaldu ýerleşýär.
«Real» UEFA-nyň Superkubogyny bäşinji gezek eýeledi. Öň, ispan kluby 2002-nji, 2014-nji, 2016-njy we 2017-nji ýyllarda bu kubogy eýeledi. UEFA-nyň Superkubogynda ýeňişleriň sany boýunça «Real» «Barselona» we «Milan» bilen deňleşdi.


23.04.2026 16:19
5.8k+

Flik «Barselonanyň» iň soňky iş ýeridigini aýtdy we klubdaky esasy maksatlaryny görkezdi

«Barselonanyň» baş tälimçisi Hans-Diter Flik katalon klubunyň özüniň karýerasynda iň soňky tapgyr boljakdygyny we gitmezinden ozal ýerine ýetirmeli iki sany esasy wezipesiniň bardygyny aýtdy. Mundan ozal 61......

23.04.2026 15:40
5.9k+

«Çelsi» işläp başlanyna 4 aý bolan baş tälimçisini wezipeden aýyrdy

Londonyň «Çelsi» kluby baş tälimçi Liam Rosenýoryň wezipeden aýrylandygyny yglan etdi. Topar yzly-yzyna bäş oýunda utuldy we şol duşuşyklarda garşydaşyň derwezesine ýekeje gol hem geçirip bilmedi....

23.04.2026 12:31
8.6k+

«Barselona» El-Klasikoda Oliwiýa Rodrigonyň logotipi bolan ýörite eşikde oýnar

«Barselona» futbol kluby öňümizdäki «Klasikoda» amerikaly aýdymçy Oliwiýa Rodrigonyň logotipi şekillendirilen ýörite sport eşiklerinde meýdança çykar. Bu barada «Mundo Deportivo» neşiri habar berýär. Bu çäre......

22.04.2026 16:17
1.8k+

UEFA hemaýatkärlerden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy meýilleşdirýär

UEFA geljekki möwsümden başlap, klub ýaryşlarynyň (Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy) hemaýatkärliginden 1 milliard ýewrodan gowrak peýda almagy göz öňünde tutýar diýip, The Guardian......