Esenguly etrabynda täze çagalar dynç alyş merkezi açyldy

  • 06.08.2022 09:53
  • 26k+

5-nji awgustda Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, her ýyl geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolandygyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Hut şol pul serişdeleri çagalar üçin täze dynç alyş merkeziniň desgalarynyň gurluşygyna hem-de döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine gönükdirildi.
“Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezinde çagalaryň ýüzlerçesi göwnejaý dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirip biler. Meýdany 1,5 gektara barabar bolan bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we işjeň geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.
Maşgala bolup dynç almak babatda döredilen ajaýyp mümkinçilikler bu dynç alyş merkeziniň aýratynlyklarynyň biridir. Uly ýaşly adamlar hem, ýaşlykdan işjeň dynç almak we sport bilen meşgullanmak ýaly endikler öwredilýän çagalar hem bu ýerde boş wagtyny gyzykly, işjeň, göwnejaý geçirip bilerler.
Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň we gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr. Mundan başga-da, täze merkezde edara binasy guruldy. Onda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. 


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......