Jo Baýden COVID-19 bilen keselledi

  • 23.07.2022 14:26
  • 28k+

Penşenbe güni ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň COVID-19 koronawirusyna barlag üçin tabşyran testiniň netijesi položitel çykdy, ol bejergi alyp başlady we öz borçlaryny rezidensiýasynda oturan ýerinden ýerine ýetirmegini dowam edýär diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer habar berdi.  

"Prezident Baýdeniň COVID-19-yň barlagy üçin tabşyran testi položitel boldy. Ol (...) keseliň ýeňil alamatlaryny duýýar. Prezident Paxlovid (Pfizer-IF kompaniýasynyň koronawirusa garşy çykaran gerdejikleri) içip başlady" - diýip, Ak tamyň beýannamasynda aýdylýar.

Metbugat  sekretarynyň aýtmagyna görä, ABŞ-yň Prezidenti aýrybaşga ýerde bolup, öz borçlaryny uzak aralykdan doly derejede ýerine ýetirer. Ol telefon ýa-da wideoaragatnaşyk arkaly meýilleşdirilen duşuşyklaryň ählisine gatnaşar.
Ol Baýdeniň geçen sişenbe güni, 19-njy iýulda tabşyran testiniň netijesiniň otrisatel bolandygyny hem ýatlatdy. 


11.05.2026 23:10
3.2k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4.2k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.9k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

06.05.2026 00:33
4k+

Amerikaly newrolog 103 ýaşyna çenli işledi: ol taryhda iň garry lukman hökmünde ykrar edildi

Amerikaly newrolog Howard Taker resmi taýdan taryhda iň garry tejribeli lukman hökmünde ykrar edildi. Ol 1947-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ömrüniň 75 ýylyny lukmançylyk işine bagyşlady....