Geçen söwda hepdesiniň ýitgileriniň öwezini dolmak bilen, altynyň bahasy barha gymmatlaýar

  • 19.07.2022 18:28
  • 22k+

Duşenbe gününiň söwdalaşyklarynyň maglumatlary geçen söwda hepdesiniň ýitgileriniň öwezini dolmak bilen, altynyň bahasynyň galyp ugrandygyna şaýatlyk edýär.

Aşgabat wagty bilen 20.53-däki ýagdaýa görä, altynyň awgust fýuçersiniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda 3,95 dollar ýa-da 0,23%, troý unsiýasy 1707,55 dollara çenli galdy. Kümşüň sentýabr fýuçersi 1.09% - unsiýasy 18,797 dollara çenli gymmatlady. 
Duşenbe güni gymmat metallaryň bazarynda geçen hepdäniň jemleri boýunça troý unsiýasy 1700 dollardanam aşak düşen, şu döwür içinde 2% bahasyny ýitiren altynyň bahasynyň ýaňadan göterilip ugrandygyny görmek bolýar.
Mundan hem başga, duşenbe günündäki oňyn ösüşe dollaryň bahasynyň beýleki walýutalara garanda aşaklandygy öz täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, dollaryň indeksi 0,74%, 107,26 punkta çenli düşýär. CME Group portaly tarapyndan pikir soraşylan seljerijileriň aglabasy ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy indiki mejlisde esasy göterimli goýumy 75 bazis punktuna, ýyllyk 2,25%-2,5%-e çenli galdyrar diýip çak edýärler. Bilermenleriň diňe 30%-i 100 bazis nokat, ýyllyk 2,5-2,75%-e çenli galmagyna garaşýarlar.  

düýn 14:43
7.1k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
5.1k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......