II çärýekde Boeing täjirçilik uçarlarynyň üpjünçiligi 53% ýokarlandy

  • 13.07.2022 18:11
  • 7k+

Dünýäde awiasiýa, kosmos we harby tehnikasyny iň uly öndürijileriň biri bolan Boeing amerikan konserni 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginde täjirçilik uçarlarynyň üpjünçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 53% ýokarlandyrdy. Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, ol aprel – iýun aýlarynda bazara bir ýyl ozalky 79 uçara garşy 121 uçar iberdi diýip, interfax.ru belleýär. 

Birinji ýarymýyllyk üçin üpjünçilik 2021-nji ýylyň ilkinji alty aýyndaky 156 uçar bilen deňeşdirilende, 216 howa gämisine deň boldy. 
Boeing ikinji çärýek we ýarymýyllyk üçin hasabaty 27-nji iýulda neşir eder. 
FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň düzedilen ýitgisini geçen ýylyň aprel – iýun aýlaryndaky her paýnama üçin 60 sentden her paýnama üçin 7 sente çenli azaltmagyna garaşýarlar. Boeing-iň girdejisi bir ýyl ozalky 17 mlrd dollara garşy 17,5 mlrd dollar derejesinde bolar diýlip çaklanylýar. 
Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy sişenbe güni ABŞ-daky söwdanyň dowamynda 8% ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 27% pese gaçdy, S&P 500 indeksi bu döwürde, takmynan, 19% ýitirdi.


21.02.2025 22:46
5.1k+

Boeing iň uly täze ýolagçy uçary bolan 777X-i synagdan geçirýär

Boeing kompaniýasynyň iň uly ýolagçy uçary bolan 777X tropiki klimatly sebitlerde synagdan geçirilmek üçin Karib adalaryna eltildi. WH002 belgili synag uçary 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Sietl şäheriniň golaýyndaky...

05.01.2024 17:51
17k+

Türkmenistana «Boeing 777-300 ER» kysymly ikinji täze ýolagçy uçary geldi

Şu gün Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üstüni ýetirdi. Bu uçar ABŞ-nyň «Boeing» kompaniýasyndan «Boenig 777-300 ER» kysymly iki...

05.12.2023 10:55
19k+

Türkmenistanyň satyn alan täze Boeing 777-300ER ýolagçy uçary Aşgabada geldi

4-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy...

05.10.2023 09:27
23k+

Boeing 2025-nji ýylda 737 modelleriniň önümçiligini rekord derejä çykarmak isleýär

Boeing kompaniýasy iň köp satylýan 737 dar fýuzelýažly uçarynyň önümçiligini 2025-nji ýylyň iýul aýyna çenli 57 birlik möçberinde rekord derejä ýetirmegi meýilleşdirýär. Report agentliginiň Reuters-e salgylanyp...