Romano: «Mançester Ýunaýted» Eriksen bilen şertnama baglanyşdy

  • 06.07.2022 12:35
  • 9.5k+

Belli insaýder Fabrisio Romano sosial ulgamda Daniýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Kristian Erikseniň "Mançester Ýunaýted" bilen şertnama baglaşandygyny gürrüň berdi. 

Öň "Mançester Ýunaýtediň" iýulda birbada bäş futbol geleşigini amala aşyrmaga taýýarlanýandygy habar berlipdi.
Kristian Erikson ýüregine operasiýa edilip, kardiostimulýator goýlandan soňky dikeldiş döwründe bolany üçin 2021/2022 möwsümiň birinji bölegini sypdyrypdy.
Möwsümiň ikinji böleginde daniýaly oýunçy «Brentfordyň» düzüminde oýnady we Angliýanyň Premýer-ligasynyň 11 oýnunda çykyş edip, bir gol geçirdi we dört gezek netijeli pas berdi. Tamamlanan möwsümde Kristian ýygyndy üçin iki sany ýoldaşlyk duşuşygynda oýnap, iki goly bilen tapawutlandy.


düýn 15:42
5.1k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......