Hindistanda suw joşmasy netijesinde pida bolanlaryň sany 63-e ýetdi

  • 19.06.2022 17:01
  • 21k+

Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Assam we Meghalaýa ştatlarynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň, süýşgünleriň netijesinde adam pidalarynyň sany 63-e ýetdi. Bu barada ýekşenbe güni Press Trust of India habarlar agentligi sebit häkimiýetleriniň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Öň, pidalaryň sanynyň 31-digi habar berilýärdi.
Habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, suw joşmalary güýçli musson ýagyşlary netijesinde emele geldi we 3,1 mln adamyň başyna ýetdi. 10 adam, şol sanda 3 çaga dereksiz ýiten hasaplanylýar.
NDTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Assamda 4 müň sany oba suw astynda galdy, 156 müň adam ýerli häkimiýetler tarapyndan wagtlaýyn ýaşamak üçin döredilen 514 sany lagere göçürildi.


09.05.2026 19:12
8.9k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.9k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....