Türkmen pileçileri 2300 tonna pile tabşyryp, borçnamalaryny berjaý etdiler

  • 09.06.2022 06:29
  • 6k+

Türkmen ýüpekçileri Watan harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyryp, dokma pudagy üçin bu gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirdiler. Munuň özi ata Watanymyzda döwlet tarapyndan berilýän yzygiderli goldawlara daýanylyp, ýüpekçilik pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň aýdyň netijesidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 8-nji iýunda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada geçiren maslahatynda geljekde ýüpekçilige goýberilýän maýa goýum serişdeleriniň möçberiniň has-da artdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny, munuň bolsa ilatymyz üçin goşmaça iş orunlaryny döretmäge, gymmatly çig malyň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Hut şu işler hem ýüpekçilik pudagyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini doly ýüze çykarýar.

Bu pudagyň ösdürilmegine onuň halkymyzyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolanlygyndan ugur alnyp, aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ýüpekçilik dokma senagatyny belent sepgitlere çykarmaga ýardam edýär. Ýüpek keteniden tikilen egin-eşikler türkmen zenanynyň gadymdan gelýän milli lybaslarydyr. Häzirki wagtda ýüpek önümçiligi döwrüň ösen talaplary esasynda ýola goýuldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolup, olar doly döwrebaplaşdyryldy hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy.

Dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategik wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Dokma senagaty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen 70-e golaý kärhanasynyň bolmagy bilen, ýokary tehnologik kuwwata hem-de ygtybarly çig mal serişdelerine eýedir.


düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......