BMW awtoulaglaryny dilersiz satyp başlamagy karar etdi

  • 27.05.2022 15:01
  • 17k+

BMW geljekde awtoulaglary satmagyň «agent» diýilýän görnüşine geçmegi we kem-kemden däp bolan araçyl (diler) merkezlerinden ýüz öwürmegi meýilleşdirýär diýip, Automotive News Europe habar berýär. 

«Häzirki wagtda biz ýewropaly dilerlerimiz bilen agent modeline geçmek hakynda gepleşikleri alyp barýarys» — diýip, BMW Group-yň satuwlar we marketing bölüminiň ýolbaşçysy Piter Hot mälim etdi. Şeýle model araçyllaryň awtoulagyň bahasyna täsir edip biliş mümkinçiligini peseldýär, öndürijiler bolsa, araçyl merkezleri görnüşindäki dellallary ara goşmazdan, öz alyjylary bilen aragatnaşyk saklamaga başlaýar.

Müşderi ulagy bar bolan ätiýaçlygyň içinden ýa-da sargyt resmileşdirmek arkaly saýlap, ulag öndürijiniň gös-göni özüne sargyt eder diýip çaklanylýar. Şonda bahalar hemmeler üçin bir bolar, bahada hiç hili eglişik ýa-da nyrh galdyrma bolmaz.  Şeýlelikde, araçyla diňe awtoulagy sargytça ýetirmek, şeýle hem serwis hyzmatyny edäýmek galýar.
Ýogsa-da, araçyllardan ýüz öwürmegi we elin satuwa geçmegi meýilleşdirýän ýeke bir BMW däl. Şuňa meňzeş hyýal Mercedes-Benzde-de bar: kompaniýa ýakyn ýyllarda Germaniýadaky awtosalonlarynyň toruny 15-20% gysgaltmak isleýändigini eýýäm mälim etdi. Şunuň ýaly meýiller Volkswagen-de hem bar.


01.06.2026 10:57
2.6k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.3k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.5k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....