USB4-iň gelmegine az wagt galdy. ASMedia-nyň host-kontrollory ilkinji bolup sertifikat barlagyndan geçdi

  • 24.05.2022 08:00
  • 9.7k+

ASMedia kompaniýasy USB4 host-kontrolloryny USB-IF-nyň sertifikat barlagyndan geçiren ilkinji kompaniýa boldy.

ASM4242 kontrollory ASM2464PD gurluşynyň kontrollory bilen bilelikde sertifikat barlagyndan geçenem bolsa, munuň gurluş kontrollorynyň takyk haýsy görnüşine degişlidigi düşnüksizligine galýar. Emma PD modeliň ady, hiç bir goşmaça çipe zerurlyk bolmazdan, USB PD energiýa berijiniň oturdylan goldawynyň bardygyny görkezýär. Bu ýerlemegi ýeňilleşdirmeli, şeýle hem çap platasynda ýer tygşytlamaly. 

ASM4242-niň  PCle 4.0x4 interfeýsi bar we 64 Gbit/s-a çenli geçirijilik ukybyny göterýär. Bu iki portly kontrollor bolany üçin, iki portyň hem USB4 Gen 3x2 göterýän doly 40 Gbit/s tizlikde işläp bilmegi üçin ýeterlik däldir, ýöne bu aglaba alyjylaryň amallary üçin ýeterlik bolmagy mümkin. Şeýle-de,  ASMedia DP alternatiw düzgüniniň goldawyny goşdy, USB4 bolsa öňküsi ýaly Thunderbolt 3 bilen bir ýere sygşyp bilýär. 

düýn 16:22
2.8k+

Niderlandlar Ýewropada ilkinji bolup jemgyýetçilik ýollarynda Teslanyň awtopilot ulgamyny ulanmaga rugsat berdi

Niderlandlar “Tesla” kompaniýasynyň awtopilot ulgamyny jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat beren ilkinji Ýewropa ýurdy boldy. Bu barada Reuters habar berýär....

düýn 12:25
4.8k+

10 ýaşly gyzjagaz NASA haýyş bilen hat ýazdy

Kaela atly 10 ýaşly gyzjagaz NASA hat ýazyp, Plutonyň resmi taýdan ýene-de planeta hökmünde yglan edilmegini haýyş etdi. The Times of India neşiriniň habar bermegine görä, çaga tarapyndan ädilen bu mähirli we......

düýn 12:23
2.9k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

düýn 12:13
3.5k+

125 müň ýyl mundan ozal, pyşdyllaryň çanaklary gap-gaç hökmünde ulanylypdyr

Germaniýanyň we Niderlandlaryň arheologlary demirgazyk neandertallaryň Ýewropanyň batgalykda ýaşaýan pyşbagalaryny ölmez ödi iýmit üçin däl-de, gap-gaç ýasamak üçin awlandygynyň ilkinji subutnamasyny tapdylar......