Fransiýada 75-nji Kann kinofestiwaly açyldy

  • 18.05.2022 08:17
  • 11k+

17-nji maýda, sişenbe güni agşam Kann halkara kinofestiwaly açyldy. Açylyş dabarasyny France 2 teleýaýlymy görkezdi.

Festiwaly gurnaýjylar 2 müňden gowrak kinolentany gözden geçirmegiň netijesinde öz maksatnamalarynda çykyş etmek üçin 47 filmi seçip aldylar. Şolardanam esasy bäsleşige gatnaşmak üçin 18-si saýlanyp alyndy.
Festiwalyň 75 ýyllygy mynasybetli gurnaýjylar şweýsar zergärlerine täze we ýeke-täk nusgada täzelenen "Altyn palma şahasyny" ýasamagy sargyt etdiler.
Chopard zergärçilik öýi  şahany göwherden ýodajyk bilen bezäp, al kwarsdan bäsleşik baýragyny ýasady. Baýragyň eýesiniň ady onuň ýüzüne 28-nji maýda, festiwalyň tamamlanýan güni haşamlanyp ýazylar. Şoňa çenli emin agzalarynyň makul gören ady pugtadan-pugta saklanýan syr bolar. 
2020-nji ýylda festiwal pandemiýa sebäpli, hiç hili sylag gowşurylmazdan, garyşyk görnüşinde geçdi. Ýöne şonda bäsleşige hödürlenen filmler prokata festiwalyň brendi bilen çykarylmaga hukuk aldylar.


düýn 00:21
3.5k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......

23.05.2026 16:15
8.2k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

21.05.2026 11:49
4.9k+

Tarapa görä görnüşini üýtgedýän Pariž gökdiräni 180 metr beýiklige ýetdi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik edarasy tarapyndan taslamalaşdyrylan Pariždäki «Tour Triangle» (Üçburçluk diňi) gökdiräniň boýy meýilleşdirilen 180 metre ýetdi. Bu ymarat şäher çägindäki Eýfel......

19.05.2026 23:09
2.1k+

Fransiýada Luwr muzeýiniň talanmagy barada film düşüriler

Romen Gawrasyň režissýorlyk etmeginde Luwr muzeýinde bolup geçen talaňçylyk ekrana geçiriler. Bu barada «Le Figaro» neşiri habar berýär....