«Liwerpul» 2021/22 möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň iň erkli topary boldy

  • 12.05.2022 18:23
  • 12k+

«Liwerpul» Angliýanyň premýer-ligasynyň 33-nji tapgyrynyň myhmançylykdaky duşuşygynda Birmingemiň «Aston Willasyny»  2:1 hasabynda utdy.

Oýnuň dowamynda Ýurgen Kloppuň şägirtleri garşydaşlarynyň yzyndan ýetmek üçin yhlas görkezmeli boldular. Üçünji minutda «Aston Willanyň» ýarym goragçysy Duglas Luis hasaby açdy. Üç minutdan soň, goragçy Joel Matip hasaby deňledi, 65-nji minutda bolsa hüjümçi Sadio Mane oýnuň jemleýji hasabyny çykardy.
«Liwerpul» şu möwsümde hasapda asgyn gelen oýunlarynda 14 utuk toplamagy başaryp, Optanyň habar bermegine görä, agzalan görkeziji boýunça Angliýanyň çempionatynyň öňbaşçysy hasaplanýar.
«Liwerpul» 36 oýundan soň 86 utuk toplap, APL-yň turnir jedwelinde ikinji ýeri eýeleýär.


düýn 14:15
11k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
13k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.5k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......