«Real» «Mançester Sitini» ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 05.05.2022 08:30
  • 16k+

Maý aýynyň 4-inden 5-ine geçilýän UEFA Çempionlar ligasynyň 2021/2022 möwsüminiň ýarym finalynyň jogap duşuşyklarynyň çäklerinde Madridiň «Realy» öz meýdançasynda «Mançester Sitini» kabul etdi. Bu duşuşykda madridliler 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýunda hasap ikinji ýarymda açyldy. 73-nji minutda «Sitiden» Riýad Marez Bernardu Silwanyň ýardam pasy bilen gol geçirdi. 90-njy minutda «Realdan» Rodrigo hasaby deňledi, iki minutdan soň bolsa ikinji goluny geçirip, oýny goşmaça wagta geçirdi.
93-nji minutda «Sitiniň» goragçysy Ruben Diaş öz jerime meýdançasynda Benzema garşy düzgüni bozandan soň, emin 11 metrlik jerime urgusyny belleýär. Fransiýaly hüjümçi urgyny dürs ýerine ýetirýär.
Şeýlelikde, «Real» iki duşuşygyň jemi boýunça (3:4, 3;1) Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. 28-nji maýda Parižde «Real» «Liwerpul» bilen duşuşar.


şu gün 14:35
768

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......