Türkmenistanda maliýe bazarlaryny dolandyrmak ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi

  • 23.04.2022 09:59
  • 11k+

Türkmenistanda maliýe bazarlaryny dolandyrmak (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi we işiň bu kiçi görnüşi boýunça ygtyýarnamanyň berilmegi üçin degişli döwlet pajy degişli möçberde bellenildi. Şeýle-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi maliýe bazarlaryny dolandyrmagy (diňe gazna biržalarynyň işi) ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrmaga borçly edildi. Bu baradaky degişli Karara 22-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.  

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.


düýn 20:14
805

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.4k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
1.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.2k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......