Dünýäniň iň gowy futbolçysyna “Altyn top” baýragy möwsümiň ahyrynda gowşurylar

  • 14.03.2022 15:56
  • 8.6k+

“France Football” žurnalynyň wersiýasyna görä, dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn top” baýragy indi senenama ýylynyň däl-de, möwsümiň ahyrynda gowşurylar. Bu barada L’Equipe gazetiniň saýtynda habar berilýär diýip, sportrbc.ru belleýär.

Şonuň üçin 2022-nji ýylda “Altyn top” häzirki möwsümiň ähli ýaryşlary tamamlananda, sentýabr ýa-da oktýabr aýynda gowşurylar. 

Mundan başga-da, “Altyn topy” almaga dalaşgärleriň gysga sanawyny düzmek boýunça ýörite komitetde Angliýanyň çempionatynyň we “Çelsiniň” düzüminde Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Didýe Drogba bolar. Iň gowy futbolçyny kesgitleýän emin agzalarynyň düzümi hem 100 adama çenli azaldyldy. Ses bermäge diňe FIFA-nyň reýtingindäki ilkinji 100 döwletiň wekilleriniň hukugy bolar. 

Şeýle-de, ses bermek üçin ölçegler hem üýtgedildi. Esasy görkeziji oýunçynyň şahsy görkezijileri bolar, ondan soň gazanylan titullar we adalatly oýnuň ýörelgeleriniň berjaý edilmegi göz öňünde tutular. Bu ölçeglerden “oýunçynyň karýerasy” punkty aýryldy.

Geçen ýyl argentinaly Lionel Messi “Altyn topa” karýerasynda ýedinji gezek eýe boldy, ol ses berişlikde polşaly Robert Lewandowskiden we italiýaly Žoržinýodan öňe geçdi.


düýn 15:47
4.1k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

düýn 15:39
3.1k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....

düýn 10:31
4.7k+

Arbeloa «Reala» kubok getirip bilmedi we wezipesinden gidýär

Ispaniýaly hünärmen Alwaro Arbeloa geçirilen metbugat maslahatynda möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Real» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigini mälim etdi....

23.05.2026 21:06
2.8k+

La Liga eminleriň işine baha bermek we olary bellemek üçin emeli aň ulanar

La Liga indiki möwsümden başlap, eminleriň işine baha bermek we oýunlara eminleri saýlap almak üçin emeli aň ulgamyny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Madridde geçirilen ISDE Sports Convention 2026......