«DATMENI» hem datly, hem ýokumly önümlerini müşderilere hödürleýär

  • 12.03.2022 21:24
  • 22k+

Telekeçi Meret Meredowyň hususy önümçilik kärhanasy aýratyn lezzeti, şeýle hem ýokumlylygy bilen tapawutlanýan şokolad önümlerini, gury iýmişleri, nahar duzuny, miwe şerbetlerini hem-de mürepbelerini müşderilerine hödürleýär.

 


Datmeni göwnüň açylsyn

TEBIGY — ÝOKARY HILLI — ELÝETERLI
Hususy kärhana harytlarynyň tebigy önümlerden taýýarlanmagy, ýokary hilli we elýeterli bolmagy ugrunda jan çekýär. Önümleriň ählisi ýerli bolup, olar elin taýýarlanylýar.
«DATMENI» her bir işde, ilkinji nobatda, sarp edijileriň bähbidini göz öňünde tutýar. Şerbetlerdir mürepbeler adam saglygyna peýdaly bolan sagdyn miwelerden taýýarlanylýar.
«DATMENI» haryt nyşanly önümleriň peýdalary:

  • bedeniň immunitetini ýokarlandyrýar;
  • nerw ulgamynyň dartgynlylygynyň, sussupesligiň, ukuçyllygyň, ysgynsyzlygyň öňüni alýar;
  • bedeni dürli witaminler we minerallar bilen üpjün edýär;
  • şähdiňi açýar.


DEREK datmak gerek

Hususy kärhana şeýle hem «DEREK» haryt nyşanly şokolad önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. Hususan-da, nohutly, kişmiş, arahisli, daş şekilli şokolad görnüşlerini hem hödürleýär.
«Derek» şokolad önümleri dürli maňyzlardan taýýarlanylýar. 100 gramlyk taýýar önümiň kuwwatlyk gymmaty 505 kkal deň. Ýokary hili we lezzeti bilen tapawutlanýan önümler körpeje müşderileriň uly isleginden peýdalanýar. Şokolad önümleriniň düzüminde GMO ýok.
Şeýle hem HK Türkmenistanda duz önümçiliginde ilkinjileriň biri bolup 100% tebigy bolan «Dat» nahar duzuny hödürledi. Ýodlaşdyrylan nahar duzy adam bedeninde ýod ýetmezçiliginden döreýän keselleriň öňüni almaga niýetlenendir.
Telekeçi Meret Meredowyň hususy önümçilik kärhanasynda önümleriň ählisi 100% tebigy bolup, olaryň düzüminde GMO ýok.
Şeýle hem önümçilikde arassaçylyk işlerine ýokary derejede üns berilýär.

«DATMENI» HK bilen habarlaşmak üçin telefon belgiler: +993 12 57-61-59; +993 61 10-75-71
Instagram: datmeni.tmderek_tm_

12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.3k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.7k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....