«Real» «PSŽ-ni» ýeňip, Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

  • 10.03.2022 12:57
  • 12k+

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap duşuşygynda Madridiň «Realy» öz meýdançasynda «Pari Sen-Žermenden» üstün çykdy. Duşuşyk ýer eýeleriniň hasabyna 3:1 tamamlandy.

Duşuşykda ilkinji goly 39-njy minutda Kilian Mbappe geçirdi. Soňra Donnarumanyň ýalňyşlygyndan soň, Benzema hasaby deňledi.
76-njy we 78-nji minutlarda Benzema ýene-de iki gol geçirdi we het-trik etdi. Netijede, «Real» 1/4 final tapgyra çykmaga hukuk gazandy.
Bu klublaryň birinji duşuşygynda «PSŽ» öz meýdançasynda 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy.


düýn 23:18
1.3k+

Ispan futbol konfederasiýasy Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşýanlar üçin pul baýragyny ýokarlandyrdy

Şu ýyl Ispaniýanyň Superkubogyna gatnaşylandygy üçin berilýän pul baýraklary ýokary bolar. Patyşalyk ispan futbol konfederasiýasy (RFEF) ýaryşyň abraýyny ýokarlandyrmak we toparlary höweslendirmek üçin gaznany artdyrmak kararyna geldi...

düýn 13:31
5.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi

7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler...

düýn 13:24
12k+

Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär...

06.01.2026 14:19
3.2k+

«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar

Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady...