UFC ýeňil agramda Oliweýra – Getji titul söweşini tassyklady

  • 07.03.2022 08:46
  • 13k+

UFC-niň metbugat gullugy Twitterde UFC-niň guşagyna eýe bolan braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen öň wagtlaýyn titula eýe bolan 33 ýaşly amerikaly Jastin Getjiniň arasynda ýeňil agramda titul söweşiniň geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Söweş 8-nji maýa geçilýän gije Finiksdäki “Futprint-Sentr” stadionynda geçiriler. 

Ýatlap geçsek, Oliweýra amerikaly Maýkl Çendleri ýeňip, russiýaly Habib Nurmagomedow tarapyndan boşadylan ýeňil agramda UFC-niň guşagyna eýe boldy. Çarlz soňky gezek ABŞ-nyň wekili Dastin Porýe bilen söweşdi. Söweş UFC 269 turnirinde geçirildi we Oliweýranyň demikdiriji emel arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.
Jastin Getji soňky gezek 2021-nji ýylyň noýabr aýynda söweşdi we UFC 268-iň esasy söweşleriniň birinde emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Maýkl Çendleri ýeňdi. 
Şeýle-de, şwesiýaly Hamzat Çimaýew bilen braziliýaly Gilbert Býornsiň arasyndaky söweşiň hem senesi belli boldy. Duşuşyk 10-njy aprelde Jeksonwillde (ABŞ) UFC 273 turnirinde geçiriler. 


22.05.2026 07:07
5.7k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.5k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
11k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....

10.05.2026 11:39
13k+

Striklend ýeňilmezek Çimaýewi ilkinji ýeňlişine sezewar edip, UFC guşagyny yzyna aldy

Şon Striklend Nýuark şäherinde geçirilen UFC 328 ýaryşynyň esasy söweşinde Hamzat Çimaýewi ýeňip, orta agramda UFC-niň çempiony diýen ady aldy. Bäş raund dowam eden tutluşyk eminleriň dürli çözgüdi bilen......