Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler saýlawçylar bilen duşuşýarlar

  • 04.03.2022 16:37
  • 10k+

Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.

Hususan-da, 3-nji martda Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige ýurdumyzyň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň hem-de dalaşgärlige ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredowyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport merkezinde Balkan welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgär Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Awaza” şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowyň, Daşoguz welaýatyndan raýatlaryň teklipçi topary tarapyndan dalaşgärlige hödürlenen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Maksat Ödeşowyň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirildi.

Dalaşgärleriň ynanylan wekilleri iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdylar. Soňra dalaşgärler saýlawçylary öz maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, olary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdiler.


11.06.2026 22:20
6.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....