«Ýewrowideniýe – 2022-niň» alypbaryjylary belli boldy

  • 13.02.2022 10:39
  • 3225
«Ýewrowideniýe – 2022-niň» alypbaryjylary belli boldy

Şu ýyl Italiýanyň Turin şäherinde geçiriljek “Ýewrowideniýe” bäsleşigini alypbaryjylaryň atlary belli boldy. eurovision.tv saýtynyň habar bermegine görä, alypbaryjylar Laura Pauzini, Alessandro Kattelan we Mika bolar. Zehinli üçlük 10, 12 we 14-nji maýda geçiriljek “Ýewrowideniýe – 2022-niň” ýarym finalyny we grand-finalyny alyp barar. 

Häzirki wagtda Laura Pauzini Italiýanyň iň meşhur aýdymçylarynyň biridir. Ol “Gremmi” halkara bäsleşiginiň ençeme gezek ýeňijisi boldy. Onuň ýany bilen alypbaryjy güýmenje şüweleňlerini dörediji we alypbaryjy Alessandro Kattelan boldy. Ol Total Request Live, Le Iene we The X Factor (Italiýa) ýaly programmalar bilen tanalýar. Alypbaryjylar düzümini asly Liwandan bolan britaniýaly sazanda Mika jemleýär. 2007-nji ýylda ol “Grace Kelly” aýdymynyň üsti bilen dünýäde esasy pop-sensasiýasyna öwrüldi.

Italiýa “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň eýýäm iki gezek eýesi boldy. 1965-nji ýylda bäsleşik Neapolda, 1991-nji ýylda Rimde geçirildi.


24.11.2022 16:00
2892

«Ýewrowideniýe-2023-de» ses bermegiň täze düzgünleri hereket eder

«Ýewrowideniýe-2023-de» ses bermegiň täze düzgünleri hereket eder. Indi bu bäsleşige gatnaşyjylaryň ykbalyny diňe tomaşaçylar çözer diýip, bäsleşigiň resmi saýtynda habar berilýär. Emin agzalaryny halkara saz bäsleşiginiň...

10.10.2022 08:55
3377

2023-nji ýylda «Ýewrowideniýe» Liwerpulda geçer

2023-nji ýylda "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşigi iňlis Liwerpulynda geçer. Bu barada anna güni Ýewropa habarlar birleşigi bilen bilelikde ýeňijiniň sargydyny saýlan  Bi-bi-si habar beriş korporasiýasynyň ýaýlymynda...

30.09.2022 11:06
2072

2023-nji ýylda “Ýewrowideniýe” Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigi 2023-nji ýylda Liwerpulda ýa-da Glazgoda geçiriler. Bu barada “Bi-bi-si” habar berdi diýip, centralasia.media belleýär. “Ýewrowideniýe-2023-i” geçirmek hukugyna dalaş...

24.08.2022 17:03
5710

Italiýanyň meşhur galereýasy işgär ýetmezçiligi sebäpli ýapylyp bilner

Florensiýanyň meşhur Uffisi galereýasy ýapylmagyň öň ýanynda dur. “ANSA” agentliginiň habar bermegine görä, onda örän ýiti işgär ýetmezçiligi duýulýar. Bu baradaky maglumaty rg.ru saýty paýlaşdy. Muzeý toplumynyň...