Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň geljek döwrüniň täze adyny teklip etdi

  • 12.02.2022 12:35
  • 20k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu barada türkmen Lideri 11-nji fewralda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi eden çykyşynda belledi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň her bir tapgyryna at berýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyz ösüşiniň döwürlerini — Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu döwürleriň her biri biziň taryhymyzda öçmejek yz galdyrdy.

«Biz ata Watanymyzyň ösüşiniň indiki döwrüni nähili atlandyrmaly?! Elbetde, bu her birimiziň mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza, öz öňümizde goýýan belent maksatlarymyza we ýetýän täze belentliklerimize egsilmez söýgimiz bilen gönüden-göni baglydyr» — diýip, Prezident aýtdy.

Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis diýip, türkmen Lideri nygtady.

Şu belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar diýip, döwlet Baştutany belledi.


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......