Madagaskara weýran ediji siklon aralaşdy

  • 08.02.2022 15:59
  • 23k+

Madagaskara ýumrulan “Batsirai” atly güýçli tropiki siklon netijesinde azyndan 10 adam aradan çykdy. 50 müňe golaý ýaşaýjy öýlerini terk edip, ýörite döredilen gaçybatalgalarda gizlenmeli boldular diýip, Euronews-e salgylanyp, Day.Az habar berýär. 

Siklon ýekşenbe güni bu ada döwletiň gündogar kenaryna aralaşdy. Ol özi bilen güýçli ýagyş we güýji sagatda 235 km ýeten ýeli getirdi, bu hem kenarýaka sebitlerinde uly tolkunlaryň döremegine sebäp boldy. Netijede, birnäçe oba doly weýran edildi.
Madagaskarda Bütindünýä azyk maksatnamasynyň bölüm müdiri Paskualina Di Sirio şeýle belleýär: “Adamlaryň gizlenen gaçybatalgalaryna hem zeper ýetdi, şonuň üçin şu gün irden olar galan zatlaryny barlamak we bir zatlary dikeldip bolýandygyny bilmek üçin öz öýlerine dolandylar. Soň olar başga gaçybatalga gözlemeli bolarlar. Sebäbi gaçybatalgalara-da zeper ýetdi”.
Ýerli KHBS-iň habar bermegine görä, käbir şäherlerde iki gün bäri elektrik togy ýok, suw üpjünçiligi-de kesildi. Hatda adatça ewakuasiýa merkezleri hökmünde ulanylýan mekdepleriň we ybadathanalaryň hem üçekleri aýryldy.
Meteorologlaryň çaklamasyna görä, siklon günorta-günbatar tarapa hereket edýär we heniz Afrikanyň kontinental bölegine howp salmaýar.


şu gün 14:57
2.7k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....