Senegal Müsüri ýeňip, taryhynda ilkinji gezek Afrikanyň Kubogyny gazandy

  • 07.02.2022 08:42
  • 7.8k+

Senegalyň milli ýygyndysy Afrikan milletleriniň Kubogy - 2021-iň finalynda Müsürden üstün çykdy. Duşuşyk Kamerunyň Ýaunde şäherindäki Pol Biý stadionynda geçirildi. Duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 0:0 hasabynda tamamlandy, 11 metrlik jerime urgularynda senegallylar 4:2 hasabynda ýeňmegi başardylar.

Senegal oýnuň eýýäm 7-nji minudynda hasaby açyp bilerdi, emma Sadio Mane 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip bilmedi. Müsüriň derwezebany «Liwerpulyň» hüjümçisiniň urgusyny saklamagy başardy.
Oýnuň ahyryndaky 11 metrlik jerime urgularynda jemleýji goly Mane geçirdi. Ondan öň, Senegalyň derwezebany Mohanad Laşiniň urgusyny saklady.

Senegal taryhynda ilkinji gezek Afrikanyň Kubogyny gazandy. Müsür bu baýragy ýedi gezek gazanypdy. Bu rekord görkezijidir.


şu gün 10:10
9.2k+

Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi...

04.03.2026 11:44
8.3k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 15:21
6.3k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...

02.03.2026 18:53
12k+

FIFA-nyň prezidenti jedelli pursatlarda agzyny eli bilen ýapýan oýunçylary meýdançadan çykarmagy teklip etdi

Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino meýdançadaky gapma-garşylykly pursatlarda agzyny elleri ýa-da köýnekçesi bilen ýapýan oýunçylara gyzyl duýduryş karty bermek arkaly jezalandyrmaga çagyrdy...