Çimaýew – Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler

  • 30.01.2022 23:55
  • 9.1k+

UFC-niň ýarym orta agramly söweşijileri Hamzat Çimaýew bilen Gilbert Býornsiň arasyndaky söweşiň senesi belli boldy. Söweş 9-njy aprelde UFC 273 turnirinde geçiriler we onda Aleks Wolkanowski bilen koreýaly Zombiniň hem-de Pýotr Ýan bilen Aljameýn Sterlingiň arasyndaky söweşler turniriň esasy söweşleri bolar. Bu barada sports.ru habar berýär.

UFC Çimaýew bilen Býornsiň arasyndaky söweşi 7-nji maýda Braziliýada UFC 274 turnirinde geçirmegi meýilleşdirdi, ýöne ýurda girmek üçin karantin düzgünleriniň üýtgedilmegi sebäpli söweşi ABŞ-a geçirmeli boldy. Indi UFC söweşi 9-njy aprelde geçirmek isleýär. Söweş Çimaýew ABŞ-a wizany almaga ýetişen ýagdaýynda tassyklanylar.
Çimaýewiň hasabynda MMA düzgünleri boýunça on söweşde on ýeňiş bar. 27 ýaşly Çimaýew oktýabrda UFC 267 turnirinde sambişn arkaly Li Szinlýany ýeňdi. 
Býornsiň hasabynda 20 ýeňiş we dört ýeňliş bar. 35 ýaşly Býorns iýulda emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Stiwen Tompsony ýeňdi. 


düýn 21:24
4.8k+

UFC 323: Ýan Dwalişwiliden ar aldy, Pantoža şikes zerarly guşagyny ýitirdi

Şu gün Las-Wegasda (ABŞ) şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçirildi. Esasy söweşde russiýaly söweşiji Pýotr Ýan (20-5) gruziýaly Merab Dwalişwiliden (21-5) üstün çykyp, has ýeňil agramda (61,2 kg çenli) UFC-niň çempiony titulyny gazandy...

05.12.2025 16:42
10k+

UFC 323-de iki çempionlyk söweşi geçiriler: Dwalişwili – Ýan we Pantoža – Wan

7-nji dekabrda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde şu ýylyň jemleýji ýaryşy UFC 323 geçiriler we onuň çäginde iki titul söweşi bolar. Agşamyň esasy wakasynda has ýeňil agramda çempion Merab Dwalişwili (Gruziýa) 2025-nji ýylda eýýäm dördünji titul goragyny geçirer...

01.12.2025 12:08
15k+

Kriştianu Ronaldu garyşyk başa-baş söweş promouşeninde paý satyn aldy

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we “Al-Nasr” saud klubunyň futbolçysy Kriştianu Ronaldu Ispaniýanyň garyşyk başa-baş söweş (MMA) promouşeni WOW FC-niň paýdary boldy. Bu barada ol X sosial ulgamynda habar berdi...

26.11.2025 09:37
5.3k+

Çimaýew Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew BAE-den Nigma Galaxy kibersport klubunyň ilçisi boldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Indi ol klubuň ýaşlar akademiýasynyň höweslendiriji we bilim maksatnamalaryna gatnaşar...